Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Karim Benzema Ispaniýanyň futbol çempionatynyň taryhynda dördünji bombardir boldy diýip, sportrbc.ru habar berýär. 35 ýaşly fransiýaly oýunçy 32-nji tapgyryň “Almeriýa” garşy oýnunyň birinji ýarymynda het-trik amala aşyrdy. Benzema bäşinji, 17-nji we 42-nji (penaltiden) minutlarda gol geçirdi. Hüjümçi La Ligada 236 gol belligine ýetip, Ugo Sançesden öňe geçdi (234). Benzemadan öňde diňe Telmo Sarra (252), Kriştianu Ronaldu (311) we Lionel Messi (474) bar. Benzema “Realda” 2009-njy ýyldan bäri çykyş edýär. Oýun 4:2 hasabynda Madridiň “Realynyň” peýdasyna tamamlandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir