Kataryň öňki premýer-ministri şeýh Hamad ben Jasim ben Jaber Al Taniniň ogly “Mançester Ýunaýtedi” 5 mlrd funt sterlinge (6,3 mlrd dollar) satyn almak üçin ahyrky teklibi öňe sürdi. Bu barada Bloomberg habar berýär diýip, sportrbc.ru belleýär. 28-nji aprelde topary satyn almak üçin arzalary bermegiň üçünji tapgyrynda ahyrky möhlet geçdi. “MÝ-ny” satyn almaga britaniýaly milliarder, transmilli himiýa kompaniýasy Ineos-yň eýesi Jim Retkliff hem dalaş edýär. Onuň näçe mukdary hödürländigi belli däl. Şeýle baha boýunça şertnama geçen ýyl Walmart-yň mirasdüşeri Rob Uoltonyň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan NFL-iň topary “Denwer Bronkos” (amerikan futboly) üçin tölenen 4,65 mlrd dollardan geçip, taryhda sport klublary bilen baglaşylan iň uly şertnama bolar. Forbes klubuň bahasyny 4,6 mlrd dollar bilen bahalandyrýar – bu dünýäde iň gymmat üçünji futbol klubydyr (ondan öň “Barselona” we “Real Madrid” bar).

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir