1894-nji ýylda çykan Benz Wiktoriýa №99 atly awtoulag Germaniýada TUV barlagyndan (Germaniýada awtoulaglaryň guratlyk ýagdaýyny barlagy) üstünlikli geçdi. Augsburger Allgemeine-niň ýazmagyna görä, seýrek duş gelýän awtoulaga, käbir çäklendirmelere seretmezden, jemgyýetçilik ýollarynda ýene iki ýyl hereket etmäge rugsat berildi. Benz Wiktoriýa №99 dünýäde hasapda duran iň gadymy awtoulagdyr. Rugsat berilmegine garamazdan, awtoulag aşaky Saksoniýanyň Einbek şäheriniň muzeýinde dur. Muzeý işgärleri neşire bu seýrek ulagyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edýändiklerini aýtdylar. Şonuň üçin inspektorlaryň arz-şikaýata sebäp tapmandygy geň däldir. Şol bir wagtyň özünde, birnäçe sebäplere görä, Benz Wiktoriýa №99-y diňe gündiz sürüp bolýar. Bütin awtoulag pudagynyň atasy Benz Patent-Motorwagen-iň ösüşine öwrülen awtoulag şemli çyralar bilen enjamlaşdyrylandyr we öwrüljekdigini aňlatmak üçin yşarat baýdagy ulanylmaly. Mundan başga-da, diňe bir silindrli alty at güýji bolan 3 litrlik hereketlendirijisi sagatda 27 km tizlige ýetmäge mümkinçilik berýär, şonuň üçin bu seýrek awtoulaga uly ýola çykmak gadagan.