Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy birinji çärýekde arassa girdejisini ýedi esseden gowrak azaltdy. Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, ýanwar – mart aýlarynda arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 11,325 trln wona bilen deňeşdirilende, 1,575 trln wona boldy ($1,18 mlrd). Şol bir wagtyň özünde çip çykaryjy biznes 4,58 trln wona möçberinde ýitgi hasaba aldy. Bu maglumatlary Interfax.ru ýetirýär. Analitikler kompaniýanyň 821 mlrd wona girdeji almagyny çaklapdylar. Geçen çärýek Samsung-yň girdejisi 18% - 63,745 trln wona çenli azaldy. Operasion girdeji 95% - 640,2 mlrd wona çenli peseldi. Kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy Seuldaky söwdada 1,1% ýokarlandy. Kompaniýanyň bazar bahasy şu ýylyň başyndan bäri 17,2% (tas 424 trln wona çenli) ýokarlandy, şol bir wagtyň özünde Kospi fond indeksi 11,6% ýokary galdy.