Layoffs.fyi portaly tarapyndan ýygnalan maglumatlara görä, şu ýylyň başyndan bäri dünýäde tehnologiýa pudagyndaky 183 müňden gowrak işgär öz iş ornuny ýitirdi. Şol bir wagtyň özünde görkeziji ýanwar aýynyň ortalaryndan bäri ýedi esseden gowrak ýokarlandy diýip, Interfax.ru habar berýär. Maglumatlar 2023-nji ýylyň jemi boýunça tehnologiýa pudagynda işden çykarylýanlaryň sanynyň geçen ýylyň görkezijisinden ep-esli ýokary boljakdygyny görkezýär. Şeýlelikde, ýylyň başyndan bäri 613 tehnologiýa kompaniýasy 183,72 müň adamy işden çykardy. Geçen ýylyň jemi boýunça 1 024 kompaniýa 154,34 müň işgäri işden aýyrdy diýip, portal habar berýär. Şol sanda geçen hepde Meta Platforms Inc. işgärleri azaltmagyň nobatdaky tapgyryny yglan etdi. Şu ýyl işgärlerini azaltjakdygy barada mälim eden tehnologiýa kompaniýalarynyň hataryna Amazon.com Inc., Electronic Arts, Roku Inc., Palantir Technologies, Twilio Inc., DocuSign Inc., Salesforce Inc., Zoom Video Communications, eBay, Dell Technologies, PayPal Holdings, International Business Machines, Intel Corp., Microsoft Corp., Alphabet Inc. amerikan kompaniýalary, şeýle-de Germaniýanyň SAP we Şwesiýanyň Spotify Technology kompaniýasy girýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir