OpenAI amerikan kompaniýasynyň ChatGPT çat-boty ýerli häkimiýetler tarapyndan böwetlenenden bir aý soň, Italiýada täzeden işläp başlady diýip, anna güni kompaniýanyň wekiliniň aýdanlaryna salgylanýan Reýter agentligi habar berdi. Onuň sözlerine görä, çat-bot OpenAI kompaniýasy italýan edarasynyň maglumatlary goramak gullugynyň soraglarlaryna "düşündiriş we aýdyň jogap" bereninden soň işläp başlady. Kompaniýa mundan beýläk ulanyjylara çat-botuň ulanylyş şertleri barada has gowy maglumat berjekdiklerini aýtdy. ChatGPT 2022-nji ýylyň ahyrynda işe girizildi. Hyzmat ulanyjy bilen gepleşik tertibinde aragatnaşyk saklaýar. Çat-bot goşmaça soraglara jogap berip, ýalňyşlyklaryny boýun alyp, nädogry zatlara garşy çykyp we ýerliksiz haýyşlary ret edip bilýär.