Türkmenistandan 14 sany türgen 28-29-njy aprelde El-Kuweýtde (Kuweýt) geçirilýän Dzýudo boýunça Aziýanyň Açyk Kubogyna gatnaşýar. Bu barada Dzýudonyň Halkara Federasiýasynyň resmi saýtynda aýdylýar. Türkmenistanyň erkekler toparynyň düzümine: Aýbek Omirow, Mekan Ramazanow, Döwran Ýazkylyçow, Ali Agammämedow (ählisi 60 kg çenli agram derejede), Toýly Myradow (66 kg çenli), Parahat Nazarow, Begenç Soltanow (ikisi hem — 73 kg çenli), Mämmedaly Açyldyýew (90 kg çenli) we Baýmyrat Majanow (100 kg çenli) girýär. Aýallar toparyna: Aksoltan Hojageldiýewa, Kurbanaý Kurbanowa (ikisi hem — 48 kg çenli), Saýara Rozyýewa (52 kg çenli), Maýsa Pardaýewa (57 kg çenli) we Zulhumar Daşkinowa (63 kg çenli) girýär. Aziýanyň Açyk Kubogynda dört yklymdan 27 döwletden 156 sany dzýudoçy (116 erkek we 40 aýal) çykyş eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir