Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy «Oskar» baýragynyň 96-njy gowşurylyş dabarasynyň geçiriljek senesini yglan etdi. Dabara 2024-nji ýylyň 10-njy martynda geçiriler. ABŞ-da 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji dekabry aralygynda çykan islendik film baýraga dalaş edip biler. Dalaşgärleriň gysga sanawlary 21-nji dekabrda, nominantlar bolsa 23-nji ýanwarda yglan ediler. Abraýly Governors Awards baýragy 18-nji noýabrda paýlanar. Geçen dabaranyň ýeňijisi Denielleriň “Hemme zat hemme ýerde we birbada” filmi bolup, ýedi baýrak gazandy: iň gowy film, režissura, ssenariý, aktrisa (Mişel Ýeo), ikinji plandaky aktýor we aktrisa (Ke Hýu Kuan we Jeými Li Kýortis) ). Iň oňat erkek keşbi üçin baýrak Brendan Freýzere ("Läheň") gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir