Finlýandiýanyň Nokia markaly gurluşlary öndürýän we satýan HMD Global kompaniýasy häzirki zaman düwmeli telefonyny çykardy. Bahasy bary-ýogy 29 dollar bolan Nokia 105 4G simsiz nauşnikler üçin goldaw aldy diýip, Gizmochina habar berýär. Model 1450 mA/s kuwwatly akkumulýator, Bluetooth 5.0 aldy, Migu music we Himalaya funksiýalaryny goldaýar. Ýadyň göwrümi 32 GB. Gajet 1.8 dýuýmlyk TFT ekrany we Unisoc T107 çipi bilen enjamlaşdyrylandyr. Täze önüm dördünji nesliň torlaryny goldaýar. Döwrebap täzeliklerden — Nokia 105 4G AliPay töleg ulgamyny hem goldaýar. Şeýle-de bolsa, ilkinji Nokia modelleriniň döwründen bäri üýtgemedik bir zat bar - smartfon MicroUSB çykyşy bolan simden zarýad alar. Smartfonda “Ýylanjyk” oýny gurnalan, elçyrasy, FM radio-sy we mikro SD ýat kartalary üçin goldaw bar. Telefonyň gara ýa-da pöwrize öwüşginlisini satyn alyp bilersiňiz.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir