Microsoft Corp. 2023-nji maliýe ýylynyň üçünji çärýeginde arassa girdejisini 9%, girdejisini 7% ýokarlandyrdy, görkezijileriň ikisi-de analitikleriň çaklanyndan has gowy boldy. Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, ýanwar – mart aýlarynda arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 16,728 mlrd dollar ýa-da paý üçin 2,22 dollar bilen deňeşdirilende, 18,299 mlrd dollar ýa-da paý hasabynda 2,45 dollar boldy. Muny interfax.ru ýetirýär. Girdeji bir ýyl ozalky 49,36 mlrd dollara garşy 52,857 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Walýuta hümmetiniň üýtgemesini hasaba almazdan, görkeziji 10% ýokarlandy. FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler kompaniýanyň girdejisiniň 51,02 mlrd dollar girdejide paý üçin 2,24 dollar derejesinde bolmagyny çaklapdylar. Microsoft-yň bulut hyzmatlarynyň bilelikdäki girdejisi geçen çärýek 22% ýokarlanyp, 28,5 mlrd dollara ýetdi. Kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy hasabat neşir edilenden soň 8,5% ýokarlandy. Soňky üç aýda kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 13,8% ösdi (2,1 trln dollara çenli), Dow Jones Industrial Average fond indeksi bolsa 0,6% ýitirdi.