Şu gün, 27-nji aprelde Aşgabadyň Halkara howa menziline «A330-200» kysymly «P2F» görnüşli täze ýük uçary gelip gowuşdy. Täze howa gämisi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň ýanwarynda çykaran degişli Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda «A330-200» kysymly «P2F» görnüşli ýük uçarlarynyň ikisini satyn almak barada baglaşylan şertnama laýyklykda gelip gowşan uçarlaryň ikinjisidir. Belläp geçsek, olaryň birinjisi şu ýylyň 17-nji martynda ýurdumyza getirilip, Merkezi Aziýa sebitinde hereket edýän şeýle uçarlaryň ilkinjisi boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir