Şu gün, 27-nji aprelde Türkiýäniň Prezidentiniň we Mejlisiniň täze düzüminiň saýlawlarynda daşary ýurtlarda we serhet nokatlarynda ses bermeklik başlandy. Bu barada TRT teleýaýlymy habar berdi. Merkezi saýlaw toparynyň ozalky kararyna laýyklykda, 75 ýurtda 156 saýlaw uçastogy açyldy. Olar türk diplomatik wekilhanalarynda ýerleşýär. Serhet nokatlarynda, gury ýerdäki gözegçilik nokatlarynda, howa menzillerinde we respublikanyň deňiz portlarynda daşary ýurda gidýänleriň islegini beýan etmek üçin 4,6 müň nokat döredildi. Umuman alanyňda, 3,6 milliondan gowrak raýat Türkiýäniň daşynda ses berip biler. Daşary ýurtlarda we serhet gözegçilik nokatlarynda ses berişlik 9-njy maýa çenli dowam eder, şondan soň ähli býulletenler sanalar we Merkezi saýlaw toparyna iberiler. Saýlaw uçastoklary syýahat edýänler we respublikanyň daşyndakylar üçin gije-gündiziň dowamynda açyk bolar. Häzirki saýlawlarda ilkinji gezek 277 000-den gowrak türk daşary ýurtda ses berip biler. Merkezi saýlaw toparynyň habaryna görä, 14-nji maýda geçiriljek saýlawlara 64 million türk raýaty gatnaşyp biler. Ýurduň içinde we daşary ýurtlarda jemi 191 884 saýlaw gutusy gurlar. Prezident saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir