Toyota we onuň golçur kärhanalary bolan Daihatsu we Hino 2022-nji maliýe ýylynda (2022-nji ýylyň 1-nji apreli - 2023-nji ýylyň 31-nji marty) dünýäde rekord mukdarda ulag öndürdi we satdy. Konserniň penşenbe güni çap eden san maglumaty muny subut edýär. Şol maglumatlara görä, geçen maliýe ýylynda awtoulag öndürijisi 10,73 million awtoulag öndürip, dünýäde 10,56 million awtoulag satdy. Ýylyň dowamynda bu görkezijiler degişlilikde 6,6% we 1,7% ýokarlandy we kompaniýalar toparynyň taryhynda rekord goýdy. Şol bir wagtyň özünde, ýylyň başynda çap edilen maglumatlara görä, 2022-nji senenama ýylynda Toyota üçünji ýyl satuwda esasy bäsdeşi Volkswagen awtoulag konserninden öňe geçip, dünýäde 10,51 million we 10,48 million awtoulag öndürdi we satdy. Volkswagen 2022-nji ýylyň 12 aýynda dünýäde bary-ýogy 8,26 million awtoulag satdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir