Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2023-nji ýylyň 6-njy we 13-nji maýynda orta mekdepleriň uçurymlary, esgerler, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar we ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýänleriň ählisi üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýär. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär. «Açyk gapylar» güni sagat 15:00-da geçiriler. «Açyk gapylar» gününde uniwersitete gelen ýaşlar uniwersitetde öwredilýän hünärler, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze binalar, okuw, internet, lingafon otaglary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, muzeýler, talyplar sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem myhmanlar uniwersitetiň durmuşy baradaky wideofilme, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna, fakultetler tarapyndan taýýarlanan sergilere tomaşa edip bilerler. Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 31-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefonlar: 94-67-30, 94-67-05

Bilim, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir