PepsiCo Inc. kompaniýasy birinji maliýe çärýeginde girdejisini 10% ýokarlandyrdy, ýöne onuň arassa girdejisi 2 esseden gowrak azaldy. Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, 25-nji martda tamamlanan çärýegiň jemi boýunça girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 16,2 mlrd dollar bilen deňeşdirilende 17,85 mlrd dollar boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär. PepsiCo-nyň arassa girdejisi bir ýyl ozalky 4,26 mlrd dollar ýa-da paý üçin 3,06 dollar bilen deňeşdirilende, 1,93 mlrd dollar ýa-da paý üçin 1,4 dollar boldy. Bir gezeklik faktorlary hasaba almazdan girdeji bir ýyl ozalky paý üçin 1,29 dollardan paý üçin 1,5 dollara çenli ýokarlandy. FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler kompaniýanyň çärýek girdejisiniň 17,239 mlrd dollar, arassa girdejisiniň paý üçin 1,38 dollar derejesinde bolmagyny çaklapdylar. Kompaniýanyň girdejisiniň organiki ösüşi 14,3% boldy. Kompaniýanyň çaklamasy boýunça, häzirki maliýe ýylynda onuň satuwynyň organiki ösüşi 8% bolar, bir gezeklik faktorlary hasaba almazdan paý hasabynda girdejisi bolsa 9% ýokarlanar. PepsiCo ýyllyk girdejisiniň paý hasabynda 7,27 dollar boljakdygyny çaklaýar, bu bolsa geçen maliýe ýylynyň görkezijisinden 7% ýokarydyr PepsiCo şu ýyl paýdarlara 7,7 mlrd dollar, şol sanda diwidend tölegleriniň hasabyna 6,7 mlrd dollar we paýlary yzyna satyn almagyň hasabyna 1 mlrd dollar gaýtaryp bermegi meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir