Hyundai Motor awtoöndürijisi 2023-nji ýylyň I maliýe çärýeginde arassa girdejisini 1,9 esse ýokarlandyrdy, bu hem hünärmenleriň çaklamasyndan ýokary boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär. Kompaniýanyň operasion girdejisi rekord derejä çenli ýokarlandy. Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, geçen çärýek onuň arassa girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 1,78 trln wona bilen deňeşdirilende, 3,42 trln wona ($2,57 mlrd) boldy. Hünärmenler bu görkezijini 2,216 trln wona derejesinde çaklapdylar. Hyundai-yň operasion girdejisi hem 1,9 esse, 3,59 trln wona çenli ýokarlandy (bazar çaklamasy – 2,879 trln wona). Awtoöndürijiniň çärýek girdejisi 25%, 37,78 trln wona çenli ýokarlandy (çaklama – 36,463 trln wona). Geçen çärýek Hyundai 1,022 mln awtomobil satdy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 13,2% köpdür. Günorta Koreýanyň çäginden daşary awtoulag satuwy 10,7%, 830 665 birlige çenli, ýurduň içinde 25,6%, 191 047 birlige çenli ýokarlandy. Elektromobil satuwy 48% ýokarlanyp, 66 müň birlige ýetdi. Kompaniýanyň paýnamalary sişenbe güni Seuldaky söwdada 4,7% gymmatlady. Ýylyň başyndan bäri olaryň bahasy 33% ýokarlandy.