Gyrgyzystan üçin ilkinji awtoulag gurnama kärhanasy 2023-nji ýylyň tomsunyň ortalarynda işe başlar. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli habarlar agentligi “Kabar” habar berdi diýip, gazeta.ru belleýär. Prezident Sadyr Žaparow “Gyrgyzystan Respublikasynyň Ministrler Kabineti bilen Özbegistan Respublikasynyň hökümetiniň arasynda awtomobil we täjirçilik tehnikasynyň önümçiligini guramak boýunça hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygy tassyklamak barada” kanuna gol çekdi. Çuý sebitinde awtoulag zawodynyň gurluşygy dört aýa çeker. Özbegistandan hünärmenleriň ýardam bermeginde kärhanada 19 sany awtomobil modeli öndürilip başlanar, olaryň ilkinjisi Chevrolet Cobalt sedany bolar. Tehnologiki hyzmatdaş hökmünde Özbegistandaky UzAuto Motors zawodlarynda Chevrolet markaly ulaglary çykarýan “Uzawtosanoat” awtokompaniýasy çykyş edýär. 2023-nji ýylyň ahyryna çenli birnäçe ýüz sany awtomobil çykarmak meýilleşdirilýär. Işe girizilenden soň üç ýylyň dowamynda 10 müň awtomobil çykarmak göz öňünde tutulýar, şondan soň önümçilik iki esse artdyrylar. Kärhana doly önümçilik kuwwatyna çykandan soň, konweýerden 30 müň awtomobil çykarylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir