ChatGPT neýroulgamy geljekde has islegli bolan on hünäri kesgitledi. Tejribäniň netijeleri NN Telegram kanaly tarapyndan neşir edildi diýip, gazeta.ru habar berýär. Şeýlelikde, birinji orny emeli intellekt boýunça inžener-programmistiň hünäri eýeledi. Bu iş algoritmleri, maşyn biliminiň ulgamyny we emeli intellekti işläp düzmegi, modelleri taýýarlamagy we optimizasiýalaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Robototehnika hünäri ikinji orny eýeledi. Robototehnika robotlary işläp düzmek we taslamalaşdyrmak, olary önümçilik proseslerine girizmek, olaryň diagnostika we abatlaýyş işlerini geçirmek bilen meşgullanýar. Üçlügi kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmeniň hünäri jemledi. Bu ugurdan hünärmen kompýuter ulgamlaryny we torlaryny goramaly, töwekgelçilikleriň we gowşak taraplaryň seljermesini geçirmeli, şeýle-de howpsuzlygy güýçlendirmek boýunça çäreleri işläp düzmeli bolýar. Öňdebaryjy hünärleriň sanawynda şular hem bar: biotehnolog, wirtual we üsti ýetirilen hakykaty işläp düzüji, blokçeýn-inžener, energetika durnuklylygy inženeri, gen terapiýasy we gen redaktirlemesi boýunça hünärmen, maglumat analitigi, IoT (Zatlaryň interneti) boýunça inžener-programmist.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir