Ýaponiýanyň häkimiýetleri 29-njy aprelden koronawirus sebäpli hereket edýän girişde çäklendiriji çäreleri ýatyrmakçy bolýar. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär. Ilkibaşda çäklendirmeleri 8-nji maýdan aýyrmak meýilleşdirilipdi, ýöne häzir hökümet aprel aýynyň ahyrlarynda – maý aýynyň başlarynda Ýaponiýada uzak dynç alyş günleriniň – “Altyn hepdäniň” başlanýandygy sebäpli, bu möhleti irki senä süýşürmek pikirini gözden geçirýär. Bu döwürde ýurduň köp ýaşaýjylary syýahat edýär. Şeýle-de, häkimiýetleriň bu karary 8-nji maýda koronawirusyň statusyna täzeden seretmek we ony möwsümleýin dümew ýaly az howply wiruslaryň hataryna geçirmek işi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda serhetden geçilende BSGG tarapyndan tassyklanan COVID-19-a garşy serişdäniň üç dozasy bilen sanjym alnandygy barada şahadatnamany bermeli. Şahadatnama ýok halatynda, Ýaponiýa uçmazdan 72 sagat öň edilen koronawirus üçin otrisatel barlag barada kepilnama talap edilýär. Beýleki ähli talaplar we çäklendirmeler, şol sanda karantin ýapon hökümeti tarapyndan geçen ýyl ýatyryldy.