Twitter-iň Twitter Blue-a ýazylmak arkaly barlagdan geçen sosial ulanyjylary adaty akkauntlardan ileri tutulyp başlandy. Sosial ulgamyň eýesi Ilon Mask sişenbe güni Twitterde bu barada habar berdi. Mask: "Tassyklanan akkauntlar indi birinji orunda durýar" - diýdi. Twitter Blue ulanyjylara akkauntlarynda gök bellik almaga mümkinçilik berýär, Maskyň aýtmagyna görä, olara adaty ulanyjylara garanyňda dürli ýeňillikler bermeli. Hususan-da, Twitter-iň esasy sahypasynda diňe hakyky akkauntlardan gelýän habarlar görkeziler. Mundan başga-da, bu abunaçylar mahabatlaryň diňe ýarysyny görerler, sahypasynda has uzyn wideo goýup bilerler, täzeliklere ir girip bilerler we sosial ulgamyň pikir soraşmalaryna gatnaşyp bilerler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir