Aşgabat — Inçhon — Aşgabat ugry boýunça Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda göni ýük howa gatnawlary işe girizildi. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň A330-200 ýük howa gämisi 26-njy aprelde Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplaýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, täze halkara ýük howa gatnawynyň açylmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmegine uly itergi berer. Şeýlelikde, «Türkmenhowaýollary» agentligi Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda göni ýük howa gatnawlary ýola goýmak bilen, şol bir wagtda Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna hem çykmak göz öňünde tutýar.