«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand Angliýanyň Premýer-ligasynyň 33-nji tapgyr duşuşygynda «Arsenalyň» derwezesine gol geçirdi. Şeýlelikde, bu gol norwegiýaly futbolçy üçin Angliýanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde hasap boýunça 33-nji boldy. Netijede Holand bir möwsüm üçin geçirilen gollaryň sany boýunça Mohammed Salahyň 2017/2018 möwsüme degişli bolan rekordyny (32 gol) täzeledi. Angliýanyň ligasynyň absolýut rekordy (34 gol) Endi Koula degişli («Nýukasl», 1993/1994 möwsüm) we Alan Şirere («Blekbern», 1994/1995 möwsüm) degişli. Emma bu netijeler bir möwsümde 42 oýun oýnalýan wagty gazanylypdy. Häzirki wagtda çempionatda 38 oýun geçirilýär. Norwegiýaly hüjümçi APL-nyň iň gowy bombardirleriniň sanawynda liderligi saklaýar. Ikinji ýerde barýan Harri Keýniň («Tottenhem») hasabynda 24 gol bar. Umumylykda, Erling Holand şu möwsümde «Mançester Sitiniň» düzüminde ähli ýaryşlarda 43 oýunça 49 gol we sekiz netijeli pas geçirdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir