Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) «Tottenham» kluby geçen dynç güni geçen Angliýanyň çempionatynyň nobatdaky tapgyrynda «Nýukasl Ýunaýtedden» ýeňlenden soň, baş tälimçiniň wezipesini ýerine ýetiriji Kristian Stellini işinden boşatdy diýip, gazeta.ru habar berýär. Londonyň topary 1:6 hasabynda ýeňildi, üstesine duşuşygyň ilkinji 20 minudynda garşydaşlaryna bäş pökgi geçirtdi. “Ýekşenbe güni Nýukasl bilen geçen oýnunyň netijesi göwne makul bolmady, oňa tomaşa etmek agyr boldy. Kristian we onuň kömekçileri tälimçiler toparyny terk ederler. Geljekde üstünlik arzuw edýäris" — diýip, klubuň resmi saýty «Tottenhemiň» dolandyryşynyň başlygynyň sözlerini getirýär. Indi Raýan Meýson baş tälimçiniň wezipesini ýerine ýetirer. Italiýaly Antonio Konte mart aýynyň ahyrynda London klubunyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy, şondan soň Stellini bellendi. 32 oýundan soň «Tottenhem» 53 utuk bilen bäşinji orunda barýar. «Arsenal» 75 utuk bilen premýer-ligada öňde barýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir