Hytaý Marsyň topragynyň nusgalaryny ýygnamak we Ýere getirmek boýunça missiýasyna dikuçar goşup biler. Çuň kosmos ylymlary boýunça halkara konferensiýanyň dowamynda muňa degişli meýilnamalar barada gürrüň berdiler. Bu barada SpaceNews habar berdi diýip, lentu.ru ýazýar. “Tianwen-3” missiýasy çen bilen 2030-njy ýylda Marsa iki kosmos gämisini iberjek Long March 5 raketasyny ulanar. Missiýanyň çäginde 500 gram toprak nusgalaryny ýygnamagy we Ýere ýetirmegi meýilleşdirýärler. Oturylyş segmenti NASA-nyň Ingenuity pilotsyz robot ulagyna meňzeş pyýada roboty ýa-da dikuçary ulanyp biler. Hytaý Ylymlar akademiýasy 2021-nji ýylda dikuçaryň prototipini hödürledi. Ýygnalan nusgalar gaýdyp gelmek moduly bilen birikjek iki basgançakly ulagyň kömegi bilen Mars orbitasyna iberiler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir