Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) «Mançester Ýunaýted» kluby fransuz «Pari Sen-Žermeniniň» we Braziliýanyň milli futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Neýmar bilen gyzyklanýar. Bu barada «Footmercato» neşiri habar berýär. Iňlis kluby entek parižlilere futbolçynyň geçirilmegi barada resmi teklip bermedi, ýöne birnäçe aý bäri oýunçynyň Liga 1 toparyndaky ýagdaýyna ýakyndan gözegçilik edýärler. Ondan öň şu möwsümiň ahyrynda «Pari Sen-Žermeniň» uly üýtgeşmelere garaşýandygy habar berlipdi. Neýmar şikes alandygy sebäpli 2022/23 möwsüminiň ahyryna çenli oýna çykmaz. Oýunça aýaga galmak üçin üç-dört aý gerek bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir