Futbol boýunça Angliýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynda «Mançester Ýunaýted» oýundan soňky 11 metrlik urgular boýunça «Braýtondan» üstün çykdy. Duşuşyk 23-nji aprelde Londonda «Uembli» stadionynda geçirildi. Duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 0:0 hasap bilen tamamlandy, oýundan soňky 11 metrlik urgularda «Mançester Ýunaýted» 7:6 ýeňiş gazandy. Angliýanyň Kubogy ugrundaky ýaryş 1871-nji ýyldan bäri geçirilýär, emma şu gezek ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek Mançester derbisi geçiriler. Ýaryşyň finalynda «Mançester Siti» bilen «Mançester Ýunaýted» duşuşar. «ManÝunaýted» 20 gezek Angliýanyň Kubogynyň finalyna çykyp, 12 gezek ýaryş gazandy. «ManSiti» 11 gezek finala çykyp, 6 gezek ýeňiş gazandy. Kubogy almakda rekord «Arsenala» degişli — 14 gezek.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir