«Portu» Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň 40 ýaşly oýunçysy Pepe bilen şertnamanyň möhletini uzaltdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär. Madridiň «Realynyň» öňki goragçysy bilen täze şertnama indiki möwsümiň ahyryna çenli niýetlenýär. Pele “Portuda” 2004-nji ýyldan 2007-nji ýyl aralygynda çykyş etdi, şondan soň Madridiň “Realyna” geçdi. Onuň düzümini bolsa 2017-nji ýylda terk etdi. Türkiýäniň “Beşiktaş” toparynyň düzüminde geçirilen bir möwsümden soň, Pepe «Portu» gaýdyp geldi. Toparyň düzüminde Pepe dört gezek Portugaliýanyň çempiony boldy, şeýle-de ýurduň iki Kubogyny, Portugaliýanyň bir Super kubogyny, Kontinentara kubogy aldy. Futbolçy Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2016-njy ýylyň Ýewropa çempionydyr.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir