Apple-iň şu ýylyň iýun aýynda işläp düzüjiler üçin ýyllyk konferensiýasynda görkezip biljek, ähtimal, Reality Pro ýa-da Reality One diýlip atlandyryljak üsti ýetirilen we wirtual hakykat (AR/VR) garniturasy birnäçe funksiýa eýe bolar diýip, Bloomberg ýazýar. Muny rbc.ru ýetirýär. Agentligiň belleýşi ýaly, kompaniýa bu işde Apple Watch sagatlary bilen meňzeş ýoldan gitmekçi. Bu sagatlar ilkibaşda köp sanly funksiýa bilen üpjün edildi, ýöne soňra ulanyjylaryň seslenmesine laýyklykda olaryň käbirlerine, mysal üçin, saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek we habarlary ugratmak ýaly funksiýalara aýratyn üns berildi, käbirleri bolsa düýbünden aýryldy. VR garniturasy, ähtimal, şu aşakdaky aýratynlyklara eýe bolar: Ulanyjylar Apple-iň bar bolan programmalaryny (kamera, aýdym-saz, FaceTime we beýlekiler) garyşyk AR we VR hakykat görnüşinde ulanyp bilerler; Meditasiýa üçin grafika we sesler bilen täze programma dörediler; Goşmaça iş bolmazdan ýa-da sähel üýtgemeler bilen App Store-den iPad üçin üçünji tarap programmalary işe girizer ýaly mümkinçilik peýda bolar; Sport ýaryşlaryny VR-da görmek üçin täze programma peýda bolar; Mac üçin garniturany daşarky monitor hökmünde birikdirmek mümkinçiligi bolar; Ulanyjylaryň özlerini bir ýerde aragatnaşyk saklaýan ýaly duýmagy üçin wideo aragatnaşygy kämilleşdiriler; Freeform wirtual tagtalarynda taslamalary döretmek üçin programmada bilelikdäki işler üçin gurallar giňeldiler; Wideony wirtual gurşawda (mysal üçin, çölde) görmek mümkinçiligi peýda bolar; Garniturany el, göz we Siri, şeýle-de Apple-iň başga bir gurluşyndan klawiatura arkaly dolandyrmak elýeterli bolar; Giň oýun mümkinçilikleri, şol sanda beýleki işläp düzüjileriň oýunlaryny gurnamak mümkinçiligi peýda bolar; Garniturany dakanyňda sport bilen meşgullanmak üçin täze Fitness+ interfeýsi işlenip düzüler (bu funksiýa soňrak peýda bolup biler). Apple garniturany işläp düzmek bilen 2016-njy ýyldan bäri meşgullanýar. Geçen ýyl “The New York Times” gazetiniň ýazmagyna görä, kompaniýa garniturany 2022-nji ýyldaky konferensiýada hem hödürläp bilerdi, ýöne gurluşy döretmekdäki meseleler kompaniýany relizi yza süýşürmäge mejbur etdi. Neşir şeýle meseleleriň arasynda garnituranyň gowşak hasaplaýyş kuwwatyny we batareýadan iýmitlenmek bilen bagly näsazlyklary belledi.