Boks boýunça dünýäniň absolýut çempiony Roý Jons-kiçi Maýk Taýsona garşy ýene bir söweşe çykmaga taýyn. Bu barada TASS-a ýekşenbe güni türgeniň toparynda habar berdiler. Ondan öň, Taýson Jons-kiçä garşy gaýtadan söweşmäge taýýardygyny mälim edipdi. Agentligiň söhbetdeşi: "Hawa, Roý Maýkyň aýdanlaryny gördi. Emma beýle söweş barada hiç hili teklip gelip gowuşmady. Roý ýene bir söweşe taýyn, ol karýerasyny tamamlamady ahyry. Gürrüň teklipde " – diýdi. Taýson bilen Jonsyň arasyndaky söweş 2020-nji ýylyň noýabr aýynda bolup geçdi, onuň sergi statusy bardy we sekiz raunddan soň deňme-deňlik bellige alyndy. Taýson 56 ýaşynda, ol agyr agramda dünýäniň öňki absolýut çempiony. Russiýanyň raýatlygyna eýe Jons bolsa 54 ýaşynda. Ol ýarym agyr agramda dünýäniň öňki absolýut çempiony.