«Liwerpulyň» hüjümçisi Roberto Firmino şu tomus «Barselona» erkin transfer bilen goşulmak barada ylalaşyk gazandy diýip, MailSport habar berýär. 31 ýaşly Firmino 2015-nji ýyldan bäri «Liwerpulyň» düzüminde çykyş edýär. Braziliýaly hüjümçi «Liwerpul» üçin 352 oýun oýnady, 107 gol geçirip, 78 gezek netijeli pas berdi. Firmino "Liwerpul" bilen bilelikde Angliýanyň çempiony (2020) we Çempionlar ligasynyň (2019) ýeňijisi boldy, Liwerpul bilen jemi 7 kubok gazandy. Braziliýaly türgeniň iňlis kluby bilen şertnamasynyň wagty tomusda gutarýar. Firmino bu möwsüm ähli ýaryşlarda 33 gezek çykyş edip, 11 gol geçirip, 5 gezek netijeli pas berdi. «Liwerpul» 30 oýunda 47 utuk toplamak bilen, premýer-liganyň tablisasynda sekizinji orunda durýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir