Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty innowasion tehnologiýalar arkaly bedenterbiýäni we sporty ylmy esasda öwrenmek boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda internet olimpiadasyny gurady. «Ýaşlarymyz geljege uly ynam bilen, sportda ösüşler sanly ulgam bilen» at bilen geçirilen internet olimpiada innowasion tehnologiýalar arkaly bedenterbiýäni we sporty ylmy esasda öwrenmeklige, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmeklige, ýaşlar barada döwlet syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmeklige bagyşlandy. Internet olimpiadasyna Türkmenistanyň 11 sany ýokary okuw mekdebinden jemi 86 talyp gatnaşdy. Olimpiada 15-nji aprelde geçirilip, ýakynda onuň netijeleri yglan edildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça 4 talyp birinji orna, 4 talyp II orna, 3 talyp III orna mynasyp boldy. Bäsleşikde ýeňiş gazanan talyplaryň atlary, olimpiadanyň netijeleri bilen tanyşmak üçin şu salga basyň.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir