Taryhda iň agyr raketa-göteriji gämisi synag uçurylyşyna badalga berlenden dört minut geçenden soň partlady. Partlamanyň deslapky sebäbi hökmünde raketanyň bölekleriniň bölünip aýrylmagyndaky meseleler agzaldy. Starship raketasy badalga alandan birnäçe minut geçenden soň, hereketlendirijidäki meseleler we raketanyň aşaklap başlamagy zerarly ýörite partladyldy diýip, SpaceX-de habar berdiler. «Gäminiň birnäçe hereketlendirijileri hatardan çykdy, gämi aşaklap, pyrlanyp başlady. Gäminiň uçuşyny tamamlamak hakynda karar kabul edildi» — diýip, kompaniýada düşündirdiler. SpaceX-de bellemeklerine görä, kabul edilen kadalara laýyklykda, howa gämisiniň uçuryljak meýdançasy hem-de onuň golaý çäkleri synaglar başlamazdan has ir wagtdan hereket üçin çäklendirildi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir