Italiýanyň Milli olimpiýa komiteti «Ýuwentusyň» apellýasiýasyny kanagatlandyrdy. Turinli kluba öň jerime alnan 15 utugy yzyna gaýtarylyp berildi. Ýanwar aýynda «Ýuwentus» Futbol federasiýasy tarapyndan maliýe kezzaplygynda aýyplanyp, 15 utukdan mahrum edildi. Bu temmi çäresi A Seriýanyň iň meşhur klubuny çempionatyň jedwelinde orta zyňdy. Emma turinliler karary Milli olimpiýa komitetde öz bähbidine çözmegi başardylar. Olaryň arzasy kanagatlandyryldy diýip, TASS agentligi habar berýär. Öňki wise-prezident Pawel Nedwedden diskwalifikasiýa aýryldy. Klubuň öňki prezidenti Andrea Anelliniň arzasy kanagatlandyrylmady. 15 utugy gaýtarylyp berlenden soň, «Ýuwentus» çempionatda ýedinji ýerden üçünji ýere çykdy. Klubuň hasabynda 30 tapgyrdan soň, 59 utuk bar. Şeýlelikde, «Ýuwentus» indiki möwsüm üçin Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna çykmaga mümkinçilik berýän ýere düşdi. Turinli klub ikinji barýan «Lasiodan» iki utuk, birinji barýan «Napoliden» 16 utuk yza galýar.