Twitter-iň eýesi Ilon Mask Microsoft-y öz emeli aň (AI) modelini öwretmek üçin sosial ulgamdaky maglumatlary bikanun ulanmakda günäkärledi. Ol bu barada çarşenbe güni özüniň Twitter sahypasynda ýazdy. "Olar [Microsoft] Twitteriň maglumatlaryny bikanun ulanmak arkaly [emeli aň] taýýarladylar. Kazyýetleşmeli boldy" - diýip, işewür belledi. 22-nji martda Mask ýaly emeli aňpudagyndaky müňden gowrak hünärmen açyk hat çap etdiler, onda azyndan alty aýlap GPT-4-den has güýçli okuw ulgamlaryna moratoriýa girizmäge çagyryldy, sebäbi bu ugurdaky gözegçiliksizlik adamzada howp salyp biler diýip düşündirilýär. Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýts beýle moratoriýanyň girizilmegine garşy çykdy. Amerikanyň OpenAI kompaniýasyndan ChatGPT çat-boty 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda satuwa çykaryldy. Hyzmat ulanyjy bilen gepleşik tertibinde aragatnaşyk saklaýar. GPT-3.5 dil modeline esaslanýan emeli aň goşmaça soraglara jogap berip biler, ýalňyşlyklaryny boýun alyp biler, nädogry ýerine garşy çykyp we ýerliksiz haýyşlary ret edip biler.