Türkiýe öz çäginde halkara energiýa merkeziniň döretmek arkaly ýylda, takmynan, 45 milliard kub metr tebigy gazy eksport edip biler. Bu barada ýurduň Energetika ministrliginiň başlygy Fatih Dönmez Haberturk teleýaýlymynyň efirinde habar berdi. "Türkiýe turbageçirijiler arkaly Russiýadan, Azerbaýjandan we Eýrandan tebigy gaz alýar. Ýylda takmynan 100 milliard kub metr gaz almaga mümkinçiligimiz bar, şondan 45 milliard kub metri eksport edilip bilner. Bu maksat bilen halkara energiýa merkezi döredilýär. Biz tehniki mümkinçiliklerimizden peýdalanmak isleýän müşderi bolup biljek ýurtlar bilen gepleşikler geçirdik" - diýip, ministr olaryň arasynda Türkiýäniň goňşularynyň we käbir Aziýa ýurtlarynyň hem bardygyny belledi. Dönmeziň sözlerine görä, bu merkez islegden we tekliplerden ugur alyp, gaz söwdasy amala aşyryljak energiýa supermarketiniň bir görnüşi bolar. "Söwda uly möçberlerde amala aşyrylar we Türkiýe ondan girdeji alar" - diýip, ol belledi. Ondan öň, Türkiýäniň Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy 2024-nji ýylda merkeziň çäginde geleşiklere başlamagyň meýilleşdirilendigini aýdypdy.