«Barselonanyň» prezidenti Žoan Laporta janköýerler bilen söhbetdeşlikde «Pari Sen-Žermeniň» hüjümçisi Lionel Messiniň ýakyn wagtda katalon klubuna gaýdyp geljekdigini aýtdy. Laporta Ispaniýanyň çempionatynyň 29-njy tapgyrynyň “Hetafe” (0:0) bilen oýnunyň öňüsyrasynda janköýerler bilen surata düşdi we şol bir wagtyň özünde janköýerleriň soraglaryna jogap berdi. Janköýerleriň biri «Barselonanyň» prezidentinden Lionel Messiniň topara gaýdyp gelip-gelmejegini sorady. Sowala Laporta dessine jogap berdi: "Si" (türkmençe — "Hawa"). Laportanyň janköýerler bilen aragatnaşygynyň wideosy Cadena Ser Carrusel Deportivo-nyň sosial ulgamlarynda çap edildi. Ozal Birleşen Arap Emirliklerinden bir hemaýatkäriň, Messi gol çeken ýagdaýynda, klubuň maliýe feýr-pleýli meselelerden we aýlyk haklary gaznasy bilen baglanyşykly kynçylyklara duçar bolmazlygy üçin maýa goýmak isleýändigi aýdyldy. «Barselona» häzirki wagtda futbolçynyň gaýdyp gelmegi üçin ähli mümkinçilikleri gözleýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir