2023-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljek işläp düzüjileriň konferensiýasy bolan WWDC 2023-de Apple kompaniýasy diňe bir ilkinji garyşyk reallyk garniturasyny däl, eýsem täze MacBook noutbuklaryny hem hödürlär. Bu barada Bloomberg-iň habarçysy Mark Gurman özüniň Power On hepdelik ýollamasynda habar berdi. Gürrüň 15 dýuýmlyk MacBook Air, MacBook Pro 13 we täzelenen MacBook Air 13 barada gidýär. Şol bir wagtyň özünde, Gurman täze noutbuklaryň ýörgünli M3 çiplerini aljakdygynyň ikuçlydygyny belleýär. “Munuň deregine olar M2 prosessorlaryna meňzeş çipleriň esasynda işlärler” – diýip, insaýder aýtdy. Häzirki wagtda Gurmanyň nämäni göz öňünde tutandygy belli däl, sebäbi 13 dýuýmlyk MacBook Pro bilen MacBook Air eýýäm M2 bilen üpjün edildi. Ähtimal, Apple bar bolan çibiň has kuwwatly wersiýasyny taýýarlaýandyr diýip, gazeta.ru belleýär. Mundan başga-da, Gurmanyň aýtmagyna görä, WWDC konferensiýasynda iOS 17, iPadOS 17, macOS 14, şeýle-de watchOS 10-yň täzelenmesi anons ediler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir