2023-nji ýylyň 20-nji martynda tamamlanan eýran senenama ýylynda Eýran «ummasyz köp mukdarda» gaz swoplaryny hasaba alyp, olaryň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 358% ýokarlanandygyny görkezdi diýip, Milli eýran gaz kompaniýasynyň (NIGC) başlygy Majid Çegeni Fars habarlar gullugy bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy. Milli eýran gaz kompaniýasy (NIGC) Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy bilen üçtaraplaýyn swop-geleşigiň çäginde Türkmenistandan tebigy gazy import edýär. Çegeni: "Türkmenistan bilen tebigy gaz söwdasyny artdyrmak bilen, NIGC Türkmenistandan ýurda gaz importyny dikeltmegi başardy" - diýdi. Onuň sözlerine görä, 2023-nji ýylda gaz swopynyň çäklerinde Türkmenistandan import edilýän gazyň mukdary, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 70% -den gowrak artar diýlip garaşylýar. Swop üpjünçiligi – bu Türkmenistanyň Eýrana gaz iberýändigini, şondan soň Eýranyň şol mukdardaky mawy ýangyjy Azerbaýjana eksport edýändigini aňladýar. Üstaşyr geçýän gazyň bir bölegi swop üçin töleg hökmünde Eýranda galýar.