ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistanda nebit öndürmek baradaky çaklamany çap etdi. Bu barada ministrligiň Energetika maglumat dolandyryşy (EIA) gullugyna salgylanyp, Trend agentligi habar berýär. Hasaplamalara görä, 2023-nji ýylyň birinji, ikinji, üçünji we dördünji çärýeginde Türkmenistanda nebit we beýleki suwuk uglewodorod önümçiligi günde ortaça 0,27 million barrele barabar bolar. Bu, 2022-nji ýyldaky çaklamalar bilen deňeşdirilende, 3,8% ýokary. EIA-nyň çaklamasyna görä, 2024-nji ýylda Türkmenistan günde 0,27 million barrel nebit öndürer. Her çärýekde gündelik çig mal öndürmek degişlilikde 0,27 million barrele barabar bolar.