Ilon Mask TruthGPT çat-botunyň öz wersiýasyny işe girizmekçi. Bu barada ol duşenbe güni Fox News teleýaýlymynyň alyp baryjysy Taker Karlsona aýtdy. "Älemiň tebigatyna düşünmäge synanyşýan TruthGPT ýa-da hakykaty tapmak üçin aňrybaş jan çekýän AI (emeli aň) diýip atlandyrjak bir zadymy işe girizmekçi" diýip, ol aýtdy. Mask bu AI-niň äleme düşünmegiň aladasyny edýändigi sebäpli, onuň howpsuzlygyň ygtybarly ýoludygyny, adamlaryň älemiň gyzykly bir bölegidigi üçin olary ýok etmeginiň ähtimal däldigini aýtdy. Ol emeli aňyň, umuman, howplaryny belläp, munuň "siwilizasiýany ýok etmek mümkinçiliginiň bardygyny" aýtdy. The Wall Street Journal gazetiniň çeşmesine salgylanyp habar berşi ýaly, Mask 15-nji aprelde X.AI atly AI kompaniýasyny açdy. Financial Times gazeti 14-nji aprelde birnäçe çeşmä salgylanyp, Maskyň ChatGPT çat-botuny işläp taýýarlan OpenAI kompaniýasy bilen bäsleşip biljek täze emeli aň başlangyjyny işe girizmek üçin topar jemleýändigini habar beripdi.