Çempionlar ligasynyň çärýek final duşuşygynyň jogap oýnunda Madridiň «Realy» «Çelsiden» üstün çykdy. 18-nji aprelde Londonde «Stemford Bridj» stadionynda geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 2:0 ýeňşi bilen tamamlandy. Madridli klubuň düzüminde Rodrigo dubl etdi (58-nji, 80-nji minut). Klublaryň arasyndaky birinji duşuşyk hem «Realyň» 2:0 ýeňşi bilen tamamlanypdy. Ýarym finalda «Real» «Mançester Siti» — «Bawariýa» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar. Birinji oýunda «Siti» öz meýdançasynda 3:0 ýeňiş gazanypdy. Jogap oýny şu gün Mýunhende aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir