Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu türk önümçiligindäki Togg elektromobiline tutuş dünýäde, aýratyn hem türki döwletlerde uly gyzyklanma bardygyny habar berdi. Bu barada diplomat ýekşenbe güni Antalýada Togg sergi meýdançasynda aýtdy. «Togg indi Türkiýäniň ähli künjeginde uly gyzyklanma bilen garşy alynýar, hatda daşary ýurtdaky raýatlarymyz hem «Togg haçan bu ýere geler?» diýip soraýarlar. Beýleki bir tarapdan, tutuş dünýäde, aýratyn hem, doganlyk türki döwletlerde gyzyklanma uly» - diýip, TRT ministriň sözlerini getirýär. 4-nji aprelde Türkiýäniň ilkinji Togg elektromobili Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe berildi. «Ol Türkmenistan bilen Özbegistana hem iberiler» diýip, Mewlýut Çawuşoglu aýtdy. «Türkmenistan ak reňkine sargyt berdi», — diýip, ministr takyklady. Ol ak reňkdäki ulaglaryň şu aýda öndüriljekdigini aýtdy. TOGG ýazgysy Türkiye'nin Otomobili Girişim Grubu diýlip düşündirilýär, ýagny «türk awtomobili».