Elektroulaglary öndüriji Teslanyň ýolbaşçysy Ilon Mask bir hepdäniň içinde 14,5 milliard dollara çenli garyp düşdi. Bu barada amerikan Forbes neşiri habar berýär. Neşiriň hasaplamalaryna görä, indi telekeçiniň kapitaly 187,9 milliard dollara deň boldy. Onuň kapitaly maýa goýujylaryň Teslanyň girdejisine bolan şübheleriniň netijesinde azaldy. Şeýle-de bolsa Mask iň baý amerikan işewürleriniň biri bolup, dünýäniň iň baý adamlarynyň hatarynda ikinji ornuny saklaýar. Geçen hepdede Teslanyň kagyzlary 10,8 göterim gymmatyny gaçyrdylar. Önüm öndürijiniň çärýek hasabatyna bazar şeýleräk garaýyş bilen jogap berdi. Onda habar berlişine görä, öňräk Teslanyň ammarlaryndaky elektroulaglaryň sany şu ýylda iň ýokary derejä ýetdi. Bu kompaniýa üçin örän garaşylmadyk ýagdaý, çünki öň önüme beýle az isleg bolmandy, diýip žurnalistler belleýärler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir