12-13-nji aprelde Türkmenistanda aprel aýy üçin adaty bolmadyk yssy bolar diýip çaklanylýar. «Meteožurnal» neşiriniň habar bermegine görä, käbir sebitlerde termometriň sütünjiginiň + 40°-dan geçmegine garaşylýar. Ýurdumyza yssy howa Eýranyň çäginden aralaşar. Hazar deňziniň üstündäki pes basyş zolagy sebäpli, Köpetdag daglaryndan geçenlerinde howa akymlary gyzýar. Şeýlelik bilen, 12-nji aprelde Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda howanyň temperaturasy + 36°… + 41 °, Balkanda + 21°… + 26 ° bolar. Lebap sebitinde + 32° ... + 37 °, Daşoguz sebitinde + 29° ... + 34° bolmagyna garaşylýar. Şeýle hem şol gün güýçli ýeliň öwüsmegi we tozanly tupanyň bolmagy mümkin. Eýýäm 13-nji aprelde ýurduň aglaba böleginde howanyň + 41° ... + 42°-a çenli gyzmagy mümkin. Kenarýaka sebitlerinde temperatura + 18° ... + 23°-a çenli bolar. 14-nji aprelde temperaturanyň birden peselmegine garaşylýar. Balkan welaýatynda + 16°… + 21 °-a çenli, Ahalda + 21°… + 26 (welaýatyň gündogarynda + 27°… + 32°) bolar. Mary sebitinde + 32° ... + 37°, Lebabyň demirgazygynda + 23°… + 28, sebitiň günortasynda + 36°… + 41°-a çenli yssy bolar. Daşoguzda + 20… + 25 °-a çenli yssy bolmagyna garaşylýar. 14-15-nji aprelde kä ýerlerde gysga wagtlaýyn ýagyş ýagyp, ýyldyrym çakmagy mümkin. Çeşmäniň habaryna görä, aprel aýynyň şeýle yssy bolmagy adaty bolmadyk ýagdaýdyr. Öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, aprel aýynda Aşgabatda iň ýokary temperatura 2015-nji ýylda + 39,6° boldy; 2008-nji ýylda Gyzylarbatda aňrybaş temperatura + 40,4° boldy. 2000-nji ýylda Sarahsda + 41° bolandygy hasaba alyndy; Türkmenabatda 1975-nji ýylda +40,3° bolupdy, 1890-njy ýylda Baýramalyda + 40,5°, 2008-nji ýylda bolsa Ýerbentde + 39,9° boldy.