Samsung Galaxy S23 çykandan bary-ýogy iki aý soň bahasy takmynan iki esse arzanlady. Şeýle maglumatlar SellCell tarapyndan geçirilen gözlegiň netijelerinde görkezilýär. Onda görkezijiniň ortaça 43% aşaklandygyny belleýärler. 256 Gb fleş ýady bilen enjamlaşdyrylan Galaxy S23 modeli esasy modelleriň arasynda has arzanlanydyr. Çykan mahaly bu wersiýanyň bahasy 860 dollardy (makala ýazylan wagty walýuta hümmeti boýunça 69 müň rubl), iki aýdan soň bahasy 379 dollara (30,5 müň rubl) geldi, tapawut 44,1% boldy. 512 Gb bolan Galaxy S23 Plus göterim hasabynda 41,6 %-den geçdi. Emma hemmesindenem beter 1Tb-lyk Galaxy S23 Ultra arzanlady - bahasy 52,7% düşdi. Gözlegçiler iPhone 14-iň has haýal arzanlaýandygyny bellediler. Ilkinji iki aýyň dowamynda onuň bahasy ortaça 32,3% peseldi. Beýlekilere garanda 512 GB-lyk iPhone 14-iň bahasy has peselip, 41,1% arzanlady. 128 GB-lyk Pro Max modeli gymmatyny beýlekilerden az ýitirdi - 13,6%. Şeýle hem hasabatda Google Pixel 7-niň bahasynyň pese gaçyş dinamikasy görkezilýär. Onuň bahasy ilkinji iki aýda ortaça 45,9% aşaklady. Gözlegçiler Google -yň Pixel 7 we Pixel 7 Pro smartfonlarynyň hemmesine 150 dollar arzanladyş goýandygyny ýazýarlar. Şeýlelik bilen, alyjy satuwyň başynda smartfon üçin doly bahany tölän bolsa, indi telefon ondan kän arzanlady diýip, hasabatda netije çykarýarlar.