Ýaponiýanyň Toyota Motor Corp. awtomobil konserni 2026-njy ýyla çenli ýylda 1,5 mln elektromobil satmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hiroki Nakadzima aýtdy diýip, interfax.ru habar berýär. Geçen ýyl kompaniýa bary-ýogy 24 müň elektromobil satdy diýip, MarketWatch belleýär. 2026-njy ýyla çenli Toyota elektrik hereketlendirijisi bilen işleýän 10 sany täze modeli hödürlemegi meýilleşdirýär. Şol sanda 2024-nji ýyldan kompaniýa Hytaýyň bazaryna iki sany täze modeli çykarar, 2025-nji ýylda bolsa ABŞ-da elektrik hereketlendirijili ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply awtoulaglaryň önümçiligine başlar. 2021-nji ýylyň ahyrynda Toyota 2030-njy ýyla çenli ýylda 3,5 mln elektromobil satmak maksadynyň bardygyny aýtdy. “Biz bu maksada tertipnama boýunça barýarys” – diýip, kompaniýanyň wise-prezidenti Ýoiti Miýadzaki belledi. Ýylyň başyndan bäri Toyota-nyň kapitallaşdyrmasy üýtgemedi diýen ýaly, Nikkei 225 indeksi bolsa 5,5% ýokarlandy.