Apple korporasiýasy 5-nji iýunda — Bütindünýä işläp taýýarlaýjylaryň konferensiýasynyň (WWDC) çäginde täze işläp taýýarlamasyny — üsti ýetirilen reallyk tuwulgasyny görkezer. Bu barada Meduza Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmana salgylanyp ýazýar. Çakylykda tuwulga barada gönüden-göni agzalmaýar, ýöne dizaýn we görkeziş aýratynlyklarynyň birnäçesi gürrüň şol hakda diýmäge mümkinçilik berýär. Apple birnäçe ýyl bäri üsti ýetirilen reallyk tuwulgasyny ösdürýär. Çeşmäniň habaryna görä, tuwulgany 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda görkezmek meýilleşdirilipdi, ýöne ýüze çykarylan käbir kemçilikleri düzetmek üçin tanyşdyrylyş yza süýşürildi. Wirtual hakykat kaskasynyň bazara çykarylmagy, iPhone-dan soň Apple-iň ösüşinde täze tapgyr bolup biler. VR kaskasy Mac-a ýa-da iPhone -a baglanylmazdan işlese gerek diýip çak edilýär.