Günorta Koreýanyň Samsung Electronics kompaniýasynyň 2023-nji ýylyň birinji çärýegindäki girdejisi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 95,7 göterim azaldy. Korporasiýanyň anna güni öz resmi saýtynda ýerleşdiren deslapky maglumatlary muny subut edýär. "Samsung Electronics 2023-nji ýylyň birinji çärýegindäki deslapky netijelerini yglan etdi: 63 trillion won (takmynan 47 milliard dollar) konsolidirlenen satuw we amal girdejisi 0,6 trillion won (454 million dollar). Geçen çärýek bilen deňeşdirilende satuw 10.59% azaldy, amal girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, satuw 19%, amal girdejisi bolsa 95,75% azaldy "- diýip, kompaniýa habar berdi . 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde amal girdejisi 14,12 trillion won (takmynan 10 milliard dollar) boldy. Günorta Koreýanyň habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, häzirki san görkeziji 2009-njy ýylyň birinji çärýeginden bäri iň ýaramazy boldy. Kompaniýanyň özi amal girdejisiniň azalmagyny maglumat we aragatnaşyk pudagynda önümlere bolan islegiň gowşamagy bilen baglanyşdyrýar.