Hytaý Aziýany, Ýakyn Gündogary we Ýewropany birleşdirjek suwasty optiki-süýümli tory geçirmek meýilnamasyny işläp düzýär diýip, Reuters agentligi habar berýär. Muny rbc.ru ýetirýär. Agentlik taslamanyň bahasynyň 500 mln dollardygyny belläp, ony SeaMeWe-6 atly şunuň ýaly amerikan taslamasynyň bäsdeşi diýip atlandyrýar. Hytaýyň meýilnamasy EMA (Europe, Middle East, Asia) diýlip atlandyrylýar we ol Gonkongyň, Singapuryň, Pakistanyň, Saud Arabystanynyň, Müsüriň we Fransiýanyň kabel bilen birikmesini göz öňünde tutýar. Taslamanyň üstünde HHR-de üç sany esasy internet operatory işleýär: China Telecom, China Mobile Limited we China Unicom. Kabel HMN Technologies kompaniýasy tarapyndan geçiriler. SeaMeWe-6 – bu SubCom amerikan firmasynyň taslamasy. Kabel Ýewropany we Aziýany hem EMA bilen meňzeş ugur boýunça (Singapurdan Saud Arabystanynyň üsti bilen Fransiýa çenli) birikdirmeli. Reuters öň ýokarda bellenilen üç hytaý operatorynyň kabeli geçirmeli konsorsiumyň düzümine girendigini, bu işiň bolsa HMN Technologies tarapyndan amala aşyrylmalydygyny belleýär. Ýöne ABŞ-nyň häkimiýetleri işi ýerine ýetirijiniň SubCom bolmagyny gazandylar. SubCom taslama girende, hytaý telekommunikasion kompaniýalary ondan çykdy. Indi operatorlar öz taslamalarynyň çäklerinde Fransiýanyň Orange telekom firmasy, Pakistanyň PTCL, Müsüriň Telecom Egypt, Zain Saudi Arabia we Kuweýtiň K.S.C.P kompaniýasynyň bölümçeleri bilen ähtnama baglaşdylar.