Twitter sosial ulgamy öň Dogecoin kriptowalýutasynyň nyşany bolan it bilen çalşylan gök guşly asyl logotipi ýene-de dikeltdi. Logotip saýtyň sahypalaryny göreniňde görkezilýär diýip, TASS habar berýär. Sosial ulgamyň blogunda, Twitteriň goldaw sahypasynda hem-de sosial ulgamyň eýesi Maskyň sahypasynda bu sorag boýunça häzirki wagtda teswir ýok. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, haçan-da Dogecoin-iň nyşany 3-nji aprelde Twitteriň logotipine öwrülende, onuň bahasy Binance kriptowalýuta biržasynda 30% ýokarlandy. Onuň maglumatlaryna görä, sosial ulgamyň asyl logotipi yzyna gaýtarylanda kriptowalýutanyň bahasy 9% pese gaçdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir